ABŞ-da bir bölegi çöken bina partlaýjylar bilen ýumruldy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside diýilen ýerinde 24-nji iýunda bir bölegi çöken 13 gatly binanyň galan bölegi hem resmileriň gözegçiligi astynda ýumruldy

1669877
ABŞ-da bir bölegi çöken bina partlaýjylar bilen ýumruldy

Binanyň galan bölegi hem howpsuz bolmanlygy sebäpli düýn agşam ýerli wagt bilen sagat 22:30-da partlaýjylaryň kömegi bilen ýumruldy. 

Gözegçilik astynda ýumrulan bina birnäçe minudyň içinde ýer bilen ýegsan boldy. 

Beýleki tarapdan ýumrulmak işlerine başlanmagy bilen gözleg we halas ediş işlerine arakesme berilen binanyň aşagyndadygy çak edilýän 121 adamdan bolsa entegem habar ýok. 

Binanyň harabalyklarynyň aşagyndan şu günki güne çenli 3-si çaga jemi 24 adamyň jesedi tapyldy. 

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside diýilen ýerde 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýagdaýda ýumrulypdy. 

Surfside etrapçasynyň resmileri, binanyň dolanşygy bilen 2018-nji ýylda geçiren ýazuw işlerinde 1981-nji ýylda gurulan bina zyýan ýetendigine ünsleri çekipdirler, jaýrylan sütünler bilen owranmaga başlanan betonda takmynan 9 million dollarlyk abatlaýyş işleriniň gerekdigini aýan edipdirler.



Degişli Habarlar