ABŞ-nyň Maýami şäherinde çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherinde bir bölegi çöken 13 gatly binanyň harabalyklarynyň aşagyndan ýene-de 2 adamyň jesediniň tapylmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 24 adama ýetdi

1669404
ABŞ-nyň Maýami şäherinde çöken bina sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Maýami şäheriniň Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Raýd Žadallah geçiren metbugat ýygnagynda: "Binanyň galan bölegi ertirden başlap ýumrulmaga başlanar" diýip habar berdi. 

Binanyň ýumrulmagy bilen bagly käbir meseleleriň bolup biljekdigini aýdan Žadallah, ýumrulmak bilen bagly işleriň näçe wagt dowam etjekdigi we nähili usul ulanyljakdygy bilen bagly bolsa aýratyn maslahatyň geçiriljekdigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Maýami şäheriniň häkimi Daniella Lewin Kawa geçiren metbugat ýygnagynda, binanyň aşagyndan ýene-de 2 adamyň jesediniň tapylandygyny we ýogalanlaryň sanynyň 24-e ýetendigini aýan etdi. 

Harabalyklaryň aşagyndadygy çak edilýän ýene-de 124 adam bolsa entek tapylmady. 

Beýleki tarapdan çöken binanyň galan böleginiň ýumrulmak işleriniň şu gün başlap biljekdigini aýdan ýangyn söndürijiler, şol sebäpli ol ýerdäki gözleg we halas ediş işlerinede arakesme berilendigini habar berdiler. 

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside diýilen ýerde 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýumrulypdy. 


Etiketkalar: #bina , #Florida , #Maýami

Degişli Habarlar