ABŞ Mýanma Sanksiýa Goýdy

“Demokratiýa garşy durýan we öz halkyna zulum edýan Mýanmanyň goşuna goldaw berýänlere degişli jogaby bereris”

1668985
ABŞ Mýanma Sanksiýa Goýdy

 

ABŞ, Mýanmadaky harby hökümetiň öz halkyna garşy edýän zulumyna goldaw berýändikleri sebäpli 4 firma bilen 22 adamy sanksiýa sanawyna aldy.

ABŞ-nyň Söwda ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Mýanmanyň goşunlaryna goldaw berýändikleri sebäpli 4 firma sanskiýa goýlandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen beýannamada bolsa Mýanmadaky harby hökümet bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli 22 adamyň sanksiýa sanawyna alynandygy ýatladyldy.

Ady agzalýan beýannamalarda “Demokratiýa garşy durýan we öz halkyna zulum edýan Mýanmanyň goşuna goldaw berýänlere degişli jogaby bereris” diýildi.


Etiketkalar: #sanksiýa , #ABŞ , #Mýanma

Degişli Habarlar