Rus Flotý Ýörite Türgenleşik Geçirýär

Türgenleşikde deňizasty ýaraglar synagdan geçirilýär

1668904
Rus Flotý Ýörite Türgenleşik Geçirýär

Russiýanyň goşunlarynyň Demirgazyk deňiz floty Berens we Norweg deňizlerinde deňizasty gämileriniň çuň suw giňişliginde ýaraglaryny synagdan geçirmek üçin ýörite türgenleşige başlady.

Demirgazyk deňiz flotunden berilen beýannamada iki deňizde geçirilýän türgenleşikde 4-nji nesil deňizasty gämileriniň hem gatnaşandygy habar berildi.

Deňizasty ýaraglarynyň synagdan geçirilendigini habar berýan beýannamada; “Türgenleşik köp sanly deňizasty gämisi üçin aşakky çäk bolan 500 metrden aşakdak çuňlukda geçirilýär” diýilýär.

Meýilleşdirilen türgenleşigiň birnäçe gün dowam etjekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar