Sputnik V sanjymynyň Kowid-19-yň Delta görnüşine garşy täsirlilik derejesi näçe göterim?

Mesele bilen bagly beýanaty sanjymy oýlap tapan Gamaleýa institutynyň müdüriniň orunbasary Denis Logunow berdi

1667119
Sputnik V sanjymynyň Kowid-19-yň Delta görnüşine garşy täsirlilik derejesi näçe göterim?

Rusiýa tarapyndan koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan "Sputnik V" sanjymynyň Kowid-19-yň Delta görnüşine garşy täsirlilik derejesiniň 90 göterimdigi mälim edildi. 

Mesele bilen bagly beýanaty sanjymy oýlap tapan Gamaleýa institutynyň müdüriniň orunbasary Denis Logunow berdi. 

Logunow Kowid-19-yň Delta görnüşiniň täsirlik derejesiniň sanly lukmançylyk belliklerinden we sanjym belliklerinden alynan maglumatlara esaslanyp hasaplanandygyny habar berdi. 

Ozal bolsa Sputnik V sanjymynyň Kowid-19-yň özüne garşy täsirlilik derejesiniň 92 göterimdigi aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar