ABŞ-nyň Maýami şäherinde çöken binadan ýene-de 2 adamyň jesedi çykaryldy

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz çöküpdi

1668050
ABŞ-nyň Maýami şäherinde çöken binadan ýene-de 2 adamyň jesedi çykaryldy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäheriniň Surfside etrapçasynda 13 gatly binanyň bir böleginiň çökmegi netijesinde ýogalan 2 gyz doganlaryň jesetleriniň tapylmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi. 

Maýami şäheriniň häkimi Daniella Lewin Kawa metbugata beren beýanatynda, binanyň harabalyklarynyň arasynda dowam etdirilýän gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýene-de 2 çaganyň jesediniň tapylandygyny mälim etdi. 

Tapylan jesetleriň 10 ýaşyndaky Lusia Guara bilen 4 ýaşyndaky jigisi Emma Guara degişlidigini aýdan Kawa, harabalyklaryň aşagyndadygy çak edilýän ýene-de 145 adamyň bolsa entek tapylmandygyny habar berdi.

Surfside etrapçasynyň resmileri, binanyň dolanşygy bilen 2018-nji ýylda geçiren ýazuw işlerinde 1981-nji ýylda gurulan bina zyýan ýetendigine ünsleri çekipdirler, jaýrylan sütünler bilen owranmaga başlanan betonda takmynan 9 million dollarlyk abatlaýyş işleriniň gerekdigini aýan edipdirler.

Maýami Biçiň demirgazygynda takmynan 5 müň 600 ilatly Surfside etrapçasynda 24-nji iýunda 13 gatly 270 otaglyk binanyň ýarsy duýdansyz ýagdaýda çöküpdi. 


Etiketkalar: #çökmek , #bina , #ABŞ , #Maýami

Degişli Habarlar