Yrakda protestçilere od açyldy
Wakada 4 adam ýaralandy
Yragyň Howpsuzlyk güýçleriniň ýurdyň günortasyndaky Wasyt welaýatynda elektrik toklaryň kesilmegini protest eden demonstrantlara garşy od açmagy netijesinde 4 adam ýaralandy.
Wasyt welaýatynda eýýäm ençeme wagt bäri dowam edýän elektrik toklaryň kesilmegini protest eden ýüzlerçe adam "Al-Aziziýe" elektrik desgasynyň öňüne ýygnandylar. Howpsuzlyk güýçleri ýaragsyz adamlara od açdy.
Şaýatlar 3-siniň saglyk ýagdaýy agyr bolan jemi 4 adamyň ýaralanandygyny we ýaralanan adamlaryň hassahanalara alynyp gidilendigini mälim etdi.
Yragyň Elektrik ministri Majid Mehdi Hantuş, geçen hepdäniň çarşenbe güni elektrik toklaryň kesilmegi sebäpli artan protestleriň netijesinde wezipesinden çekilipdi.
Howanyň derejesi takmynan 50 gradusa ýeten ýurtda halk, yssy howa bilen birlikde elektrik toklaryň kesilmegi meselesine hem sezewar galýar.
Degişli Habarlar
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Protestçylar Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden ýesirleriň yzyna getirilmegini talap etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ukraina we Ysraýyla Goşmaça Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady
Baýden, Ukraina 61, Ysraýyla hem 26 milliard dollarlyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.