Kanadada aşa yssy howa sebäpli 63 adam ýogaldy

Kanadanyň günbatar ştatlarynda täsirli bolan aşa yssy howa sebäpli 63 adam ýogaldy

1667382
Kanadada aşa yssy howa sebäpli 63 adam ýogaldy

Ştatyň Surreý, Bernabi we Wankuwer şäherlerinde we olaryň töwereklerinde soňky 1 günde 63 adam aşa yssy howa sebäpli ýogaldy. 

Polisiýa gullugy ýogalanlaryň aglabasynyň ýaşuly adamlardan ybaratdygyny mälim etdi. 

Britan Kolumbiýa, Alberta, Ýukon we Demirgazyk-günbatar territoriýa sebitlerinde täsirli bolan aşa yssy howa, hünärmenler tarapyndan "Yssy gupba" hökmünde häsýetlendirilýär. 

Sebitde soňky 24 sagatda ähli wagtlaryň iň ýokary bolan 103 rekord yssy howasy hasaba alyndy. 

Beýleki tarapdan ýurdyň Britan Kolumbiýa ştatynda häkimlikler tarapyndan açylan sowadyş merkezler aşa yssy howanyň ýaramaz täsir ýetiren adamlar üçin arakesmesiz ýagdaýda hyzmat berýär.  

Sowadyş merkezlerine gelen adamlara suw berilýär, özüni erbet duýan adamlar üçin bolsa lukmanlar çagyrylýar. 

Ştatdaky restoranlar, bölekleýin söwda dükanlary we käbir mekdepler aşa yssy howa sebäpli ýapylýan bolsa, koronawirusa garşy sanjym edilýän klinikalar bolsa gelmek üçin ýüz tutan adamlaryň günlerini yza süýşürýärler. 



Degişli Habarlar