Fransuz Mejlisi Jedelli Taslamany Ara Alyp Maslahatlaşýar

Fransiýada Separatizme garşy göreş” ady bilen musulmanlary nyşana alýan kanun taslamasyna Milli Mejlisde garşylyk görkezildi.

1667210
Fransuz Mejlisi Jedelli Taslamany Ara Alyp Maslahatlaşýar

Käbir oppozision halk deputatlary taslamanyň musulmanlary kemsidýändigini beýan etdiler.

Boýun egmeýän Fransiýa partiýasynyň halk deputaty Aleksis Korbir taslamany goldaýan halk deputatlarynyň garaňky arzuwlarynyň bardygyny nygtap: “Taslamadan peýdalanyp millionlarça musulman raýatymyzy kemsitmäň” diýdi.

Halk deputaty Malia El Aaraž bolsa Milli Mejlisde çetleşdiriji taslamalardan biriniň ara alynyp maslahatlaşyşýandygyny nygtady.

“Respublikanyň kanunlaryna sarpa goýmagy güýçlendirýän kadalar” taslamasy fransuz mejlisinde ikinji gezek seljerilýär.

Taslama mekdepleriň ekskursiýalarynda okuwçylara ýoldaşlyk edýän eneler bilen 18 ýaşyna ýetmedik gyzlaryň çadyra dakynmagyny gadagan edýär.

Resmi sport bäsleşiklerinde çadyra gadagançylygy hem taslama goşulypdyr.

Kanun taslamanyň iýul aýynyň ahyrynda kabul edilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar