Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Resmi Sapar Bilen Birleşen Arap Emirliklerine Gitdi

Ýais Lapid saparynyň çäginde Ysraýylyň Abdu Dabidäki ilçihanasynyň we Dubaidäki konsullygynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşar.

1666749
Ysraýylyň Daşary Işler Ministri Resmi Sapar Bilen Birleşen Arap Emirliklerine Gitdi

Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýais Lapid resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine gitdi.

Ýais Lapid, Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan soň Abu Daba sapar guran ysraýylly ilkinji ministr bolar.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid, 2 günlük resmi saparynyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Bin Zaýed Al Nahýan bilen duşuşar.

Ýais Lapid saparynyň çäginde Ysraýylyň Abdu Dabidäki ilçihanasynyň we Dubaidäki konsullygynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşar.

Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleri 2020-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Ak Tamda geçirlen dabarada özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar