ABŞ Siriýa-Yrak serhedinde howa operasiýasyny geçirdi

ABŞ Yrak-Siriýa serhedinde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijiler tarapyndan ulanylan desgalara howa hüjümlerini gurady

1665734
ABŞ Siriýa-Yrak serhedinde howa operasiýasyny geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň buýrugyna laýyklykda geçirilen howa operasiýasynyň goranyş maksatlydygyny habar berdi. 

Kirbi Siriýanyň serhediniň çäginde 2, Yragyň serhediniň çäginde bolsa 1 ýerde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijiler tarapyndan ulanylýan desgalaryň we ýarag ammarynyň nyşana alynandygyny mälim etdi. 

Nyşanalaryň Eýran tarapyndan goldanýan söweşijiler tarapyndan ABŞ-nyň Yrakdaky harbylaryna we bazalaryna garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde ulanylanlygy sebäpli saýlanandygyny aýdan Kirbi: "Halkara hukuga görä ABŞ özüni goramak hukugyny ulandy" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #Eýran , #Yrak , #Siriýa , #operasiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar