Ysraýylyň polisiýa işgärleri üç palestinalyny ýaraladylar

Ysraýylyň polisiýa işgärleri Şeýh Jerrah etrapçasynyň ýaşaýjylaryny goldaýan adamlara garşy aşa güýç ulanmagy netijesinde 3 palestinaly ýaralandy

1665443
Ysraýylyň polisiýa işgärleri üç palestinalyny ýaraladylar

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasynda zor bilen öýlerinden çykarylmak howpuna sezewar galan palestinalylary goldamaga gelen adamlara garşy aşa güýç ulandy. 

Şaýatlar palestinalylary sebitden uzaklaşdyrmak isleýän we olary ýenjen Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň bir çagany göz tussaglygyna alandygyny mälim etdi. 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen beýanatda bolsa, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçeleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde 3 palestinalynyň 2-sine wakanyň bolan ýerinde bejergi edilendigi, 1 palestinalynyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar berdi. 

Oraza aýynyň başlan güni bolan 13-nji aprelden bäri Aksa metjidine we basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasyna Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň hüjüm guramagy netijesinde dartgynlyklar başdan geçirilýär.  



Degişli Habarlar