Tramp: "Mejlisi, senaty we ABŞ-ny yzyna alarys" diýdi

Tramp ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni Hytaýa boýun egmek bilen günäkärläp, edýän işleriniň dünýä arenasynda utandyryjydygyny belledi

1665483
Tramp: "Mejlisi, senaty we ABŞ-ny yzyna alarys" diýdi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Ak Tamdan gaýdanyndan soň geçiren ilkinji mitinginde, geçirilen soňky saýlawda sesleriň sanalmagy bilen baglanşykly öňe sürmeleriň üstünde durup geçdi we Prezident Jo Baýdeniň we Demokrat partiýanyň syýasaty bilen baglanşykly tankydy bellikler aýtdy. 

Ýurdyň Ogaýo ştatynyň Wellington şäherinde müňlerçe adamyň öňünde çykyş eden Tramp, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen saýlawlardaky ýeňilişiniň sesleriň sanalmagynda edilen hilegärlikleriň sebäp bolandygyny belläp: "Saýlawlarda 2 gezek üstün çykydyk we 3-nji gezegem üstün çykmagymyz gerek bolup biler. Bu bolsa mümkin" diýip habar berdi. 

Donald Tramp, ýurdyň günorta serhedini geçip ABŞ-na ýeten bosgunlaryň sanyndaky artyşa ünsleri çekip: "Ýurdumyza gelen millionlarça adam bar. Olaryň kimdikleri bilen bagly hiç hili maglumatymyz ýok. Jo Baýden biziň edýänimiziň edil tersini edýär" diýip mälim etdi. 

Tramp ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni Hytaýa boýun egmek bilen günäkärläp, edýän işleriniň dünýä arenasynda utandyryjydygyny belledi. 

Donald Tramp ýaňadandan dalaşgär bolup-bolmajakdygy babatynda anyk bir beýanat bermedik mitinginde, Respublikan partiýanyň ABŞ-nyň Senadynda we Wekiller mejlisinde köplüge eýe bolup biljekdigi bilen bagly saýlawçylary höweslendiriji sözler aýtdy. 

Tramp: "Mejlisi, senaty we ABŞ-ny yzyna alarys. Muny ýakyn wagtda ederis" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar