Siriýanyň Bab etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etraby Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen DAIŞ-e agza terrorçylardan saplanypdy

1665519
Siriýanyň Bab etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygynda oppozisinerleriň gözegçiligi astynda bolan Bab etrabynda, ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam bolsa ýaralandy. 

Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynyň merkezinde ulaga ýerleşdirilen bomba partladyldy. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. 

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işini başladan howpsuzlyk güçleri, terrorçylykly hüjümi ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýärler. 

Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etraby Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen DAIŞ-e agza terrorçylardan saplanypdy. 



Degişli Habarlar