Russiýa, Belarusy S-400 we Pantsir-S1 Howa Goranyş Ulgamlary Bilen Üpjün Edip Biler

"Harby we tehniki hyzmatdaşlyk meselesinde belarusly ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirýäris"

1664427
Russiýa, Belarusy S-400 we Pantsir-S1 Howa Goranyş Ulgamlary Bilen Üpjün Edip Biler

Russiýanyň Federal harby tehniki hyzmatdaşlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Andreý Boýtsow, ýurdunyň, Belarusy S-400 we Pantsir-S-1 howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmegi meselesiniň gysga wagtda sejeriljekdigini aýtdy.

Boýtso, Minskde geçirlen MILEX-2021 ýarag sergisinde eden çykyşynda, harby we tehniki hyzmatdaşlyk meselesinde belarusly ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirýändiklerini nygtady.

Boýtsow “Belarusdan S-400 we Pantsir-S-1 howa goranyş ulgamlary meselesinde talap gelen halatynda üpjünçilik meselesi gysga wagtda seljerler” diýdi.

Belarusyň Goranmak ministrligi, ýanwar aýynda harby goşunyň S-400 we Pantsir-S-1 howa goranyş ulgamlary bilen üpjün edilmegi meselesiniň üstünde işleýändiklerini mälim edipdi.


Etiketkalar: #S-400 , #Russiýa , #Belarus

Degişli Habarlar