ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Şu Gün Brýusselde Duşuşar

Gün tertibinde Türkiýe, Belarus we Russiýa meselesi esasy orun eýeleýär.

1663671
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Liderleri Şu Gün Brýusselde Duşuşar

 

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderler maslahaty iýun aýynyň 24-25-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirler.

Liderleriň gün tertibinde täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş, ÝB-ne agza ýurtlar üçin halas ediş bukjalary, migrasiýa meselesinde üçünji ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi, Türkiýe, Belarus we Russiýa meselesi esasy orun eýeleýär.

Liderleriň agşam naharynda Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar, Ortaýer deňizindäki soňky ýagdaý, Kipr, göç we Türkiýedäki siriýalylara beriljek kömekler bilen birlikde Gümrük şertnamasynyň we söwda meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #maslahat , #liderler , #ÝB

Degişli Habarlar