Türkiýe Bilen Dialog Gün Tertibi Iş Ýüzüne Geçirilmeli

Bu barasynda Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel öz çykyşynda aýtdy

1663974
Türkiýe Bilen Dialog Gün Tertibi Iş Ýüzüne Geçirilmeli

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ÝB-de umumy bähbitler boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etmegi üçin Türkiýe bilen dialog gün tertibiniň iş ýüzüne geçirilmelidigini aýtdy

Merkel ÝB-niň liderler sammitinden ozal Federal Mejlisde sözlän sözünde ÝB Geňeşiniň we Komissiýasynyň bosgunlar meselesindäki essy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça işe girişmek üçin teklipleri taýarlamagyny isledi.

Şeýle hem sammitde ÝB Komissiýasyndan, ÝB-niň Türkiýe bilen bosgunlar boýunça edýän hyzmatdaşlygynyň dowam etmegi üçin anyk teklip hödürlemegine garaşýandyklaryny beýan eden Merkel, Türkiýede 3,7 million siriýalynyň bellige alynandygyny ýatlatdy.

Merkel; “Bar bolan we gelejekde ýüze çykjak bosgun meselelerini Türkiýe bilen dialog arkaly çözüp bileris. Mart aýynda ylalaşyşymyz ýaly ÝB-niň umumy bähbitler boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Türkiýe bilen dialog gün tertibi dessine iş ýüzüne geçirilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar