Wladimir Putin IX Moskwa Halkara howpsuzlyk konferensiýasyna ýüzlenme ugratdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdunyň serhetleriniň golaýynda NATO-nyň harby potensialyny we infrastrukturasyny özgertmeginiň biynjalyk döredýändigini mälim etdi

1663497
Wladimir Putin IX Moskwa Halkara howpsuzlyk konferensiýasyna ýüzlenme ugratdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, IX Moskwa Halkara howpsuzlyk konferensiýasynyň açylyş dabarasyna ugradan wideo ýüzlenmesinde, ýurdunyň resmileriniň parahatçylygy we howpsuzlygy kepillik astyna almak we degişli ähli hyzmatdaşlar bilen dialog alyp barmak üçin ähli zady etjekdigini habar berdi. 

Wladimir Putin: "Hiç wagt beýleki ýurtlara öz ygtyýarymyzy buýurmadyk, syýasy we diplomatik usullar ulanyp deň şertlerde, global we sebitleýin meseleleri çözüwine goşant goşýarys, ähli ýurtlar bilen kosntruktiw hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýardyrys" diýip belledi. 

Putin: "Syýasy ygtyýar we ylalaşyk islegi oňyn netije berip biljekdigine ynanýaryn. Onuň aýdyň bir subutnamasy bolsa Russiýanyň we ABŞ-nyň Döwrebap Strategik ýaraglaryň azaldylmagy ylalaşygynyň möhlediniň 2026-njy ýyla çenli uzadylmagydyr" diýip nygtady. 

Russiýanyň serhetleriniň golaýynda NATO-nyň harby potensialyny we infrastrukturasyny özgertmeginiň biynjalyk döredýändigini aýdan Putin, alýansyň dartgynlygy peseltmek we garaşylmadyk hadysalar howpuny aýyrmak ugrundaky Russiýanyň teklibini ret edendigini aýan etdi. 

Putin: "Rus tarapynyň konstruktiw gatnaşyklarynyň we sagdyn pikirliliginiň özgerdilmegi baradaky arzuwynyň ahyrynda üstün çykjakdygyny umyt edýär" diýip habar berdi. 

Global howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm ugrunyň sebitleýin çaknyşyklaryň çözülmegidigine ünsleri çeken Putin, Russiýanyň ony işjeň ýagdaýda höweslendirýändigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #ýüzlenme , #NATO , #Russiýa

Degişli Habarlar