BMG Gündogar Iýerusalim Üçin Alada Bildirdi

Gündogar Iýerusalim dartgynly bolmagynda galýar

1663226
BMG Gündogar Iýerusalim Üçin Alada Bildirdi

BMG-niň baş Sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarrij Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jarrah etrapçasyndaky soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny we çaknyşyklaryň özlerini aladalandyýandygyny beýan etdi.

Dužarrij gündelik metbugat ýygnagynda syýasy liderler bilen jemagatlaryň liderleriniň çaknyşyga, meçew bermelere we duşmançylykly diskurslara garşy durmagynyň möhümdigini nygtady.

Ysraýyldaky aşa sagçy Dindar sionist partiýasynyň lideri Betzalal Smotriç düýn irden Şeýh Jarrah etrapçasyna fanatiki ýehudiler bilen baryp, göçürilme howpuna sezewar bolan palestinalylardan biriniň öýüne girmäge synanşypdy.

Ysraýyl polisi tarapyndan goralýan Smotriç aýratynam etrapçadaky ýehudi ýaşaýyjylarynyň öýlerine baryp gördi, palestinalylara bolsa Smotriçi meçew beriji aksiýa guramakda aýyplapdy.

Öňňin agşam bolsa Şeýh Jarrah etrapçasynda palestinaly we ýehudi ýaşaýyjylaryň arasynda dawa turupdy, Ysraýylyň polisiniň palestinalylara ses bombasy we burç gazy bilen çäre görmegi sebäpli 7 adam ýaralanypdy.

13-nji aprelden bäri Aksa Metjidi bilen onuň daş töwereginde we Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jarrah etrapçasynda Ysraýyl polisiniň hüjümleri sebäpli dartgynlyk dowam edýär.



Degişli Habarlar