"Türkiýe Owganystanda Galmagy we Hamid Kerzeý Howa Menzilini Goramagy Kabul Etdi”

Kirby, ABŞ-nyň Owganystandan dolulygyna çekilmegi baradaky syýasatynyň üýtgemändigini aýtdy.

1662438
"Türkiýe Owganystanda Galmagy we Hamid Kerzeý Howa Menzilini Goramagy Kabul Etdi”

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirby, Türkiýäniň Owganystanda galmagy we Hamid Kerzeý howa menzilini goramagy kabul edendigini aýtdy.

Metbugata beýannama beren Kirby, Owganystanyň howpsyzlygy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýändiklerini emma ABŞ-nyň Owganystandan dolulygyna çekilmegi baradaky syýasatynyň üýtgemändigini aýtdy.

Milli Goranmak minidýti Hulusi Akar bilen ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde, Kabulyň Hamid Kerzeý howa menziliniň goralmagy meselesinde ylalaşyk gazanylyp gazanylmandygy hakyndaky soraga jogap beren Kirby, “Türkiýe, howa menziliniň goralmagy meselesine öňbaşçylyk etmegi kabul etdi. Mesele giňişleýin seljerilýär. Türk tarapy, ABŞ-dan we halkara jemgyýetçiliginden goldawa garaşýar. Bu meseläniň üstünde işleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar