Taliban Ýene-de Bir Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Talibanly başbozarlar, Mazary Şerifiň Balh etrabyny ele geçirdi

1662354
Taliban Ýene-de Bir Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Talibanly başbozarlar, Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän iň uly şäherlerden biri bolan Mazary Şerifiň Balh etrabyny ele geçirdi.

Balhyň welaýat Şurasynyň başlygy Muhammed Afzal Hadid, başbozarlaryň ertiriň irki sagatlarynda Mazary Şerifiň Balh etrabyna hüjüm guramaga başlandygyny aýtdy.

Hüjüm sebäpli etrap merkeziniň gözegçiliginiň Talibanyň eline geçendigini aýdan Hadid, başbozarlaryň şäheriň girelgesine çenli gelendigini we çaknyşyklaryň dowam edýändigini nygtady.

Taliban bolsa, Balh etrabyny dolulygyna ele geçirendiklerini we Mazary Şerifde hüjümleriň dowam edýändigini öňe sürdi.

Talibanly başbozarlar ertiriň irki sagatlarynda Balh welaýatynyň Döwlet Abadi Şolgere we Kişindeh etraplarynyň gözegçiligini ele geçiripdi.



Degişli Habarlar