Merkel we Lýaýen Türkiýä goldaw berdiler

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

1662828
Merkel we Lýaýen Türkiýä goldaw berdiler

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, ÝB bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan bosgun ylalaşygynyň möhümdigini we has hem özgerdilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler. 

Türkiýäniň köp sanda bosguna ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Merkel: "Ylalaşyk möhüm we has hem özgerdilmeli. Türkiýe 3,7 million siriýaly bosguna ýer eýeçiligini etmek babatynda ajaýyp işler edýär, Türkiýe biziň goldawymyza mynasyp" diýip habar berdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel mundan başgada 24-25-nji geçiriljek ÝB maslahatynda Gümrük Bileleşigi meselesiniň hem maslahatlaşyljakdygyny aýan etdi. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, soňky günlerde Türkiýe bilen köp sanda gepleşikleriň geçirilendigini belläp: "Soňky gezek düýn Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen gepleşik geçirdim. ÝB maslahatynda klimat, gümrük bileleşigi we bosgun ylalaşygy ara alynyp maslahatlaşylar" diýip beýan etdi. 

Takmynan 10 ýyl bäri Türkiýede ýaşaýan siriýaly bosgunlaryň üstünde durup geçen Lýaýen: "Bu ýerde möhüm bolan zat Türkiýä goldaw bermegimizdir. Türkiýede ýaşaýan 3,7 million siriýaly bosgun bar. Ol ýerdäki adamlaryň perspektiwalary bolmaly. Bu biz tarapdan möhüm. Bu meseläni geňeşde güntertibe getirerin" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #bosgun , #Türkiýe , #Germaniýa , #ÝB

Degişli Habarlar