Germaniýa Bilen Italiýa, Migrasiýa Hakyndaky Ylalaşygyň Seljerilmegine Goldaw Berýär

Merkel bilen Dragi, Berlindäki duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

1662373
Germaniýa Bilen Italiýa, Migrasiýa Hakyndaky Ylalaşygyň Seljerilmegine Goldaw Berýär

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky migrasiýa hakyndaky ylalaşygyň şertlere görä seljerilmegine goldaw berýändiklerini aýtdy.

Merkel bilen Dragi, Berlindäki duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

“ÝB-niň liderler maslahatynda Türkiýe bilen migrasiýa hakyndaky ylalaşygyň şertlere görä seljerilmegi üçin tagalla edermisiňiz?” diýlen soraga jogap beren Merkel, maslahatda Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy.

Merkel, diýseň köp bosguny kabul eden Türkiýäniň kömege garaşmak hukugynyň bardygyny belledi.

Federal Kansler Merkel “Ikimiz hem Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmezden öňe gidişlik edip bilmejekdigimiz barada pikir edýäris” diýdi.

Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi hem Merkele goldaw berýändigini we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky migrasiýa hakyndaky ylalaşygyň seljerilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar