Ysraýylyň polisiýa işgärleri palestinalylara hüjüm gurady

Ysraýylyň polisiýa işgärleri mundan başgada Şeýh Jerrah etrapçasynda öýleriň biriniň gapysyny döwüp içeri girip ol ýerde ýaşaýan adamlara hüjüm etdi

1661758
Ysraýylyň polisiýa işgärleri palestinalylara hüjüm gurady

Ysraýylyň polisiýa işgärleri basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasynda öýlerinden zor bilen çykarylmak howpuna sezewar galan ýaşaýjylar bilen olary goldamaga gelen palestinalylara ýaňadandan hüjüm gurady. 

Şaýatlardan alynan maglumata görä, Ysraýylyň polisiýa işgärleri etrapçanyň ýaşaýjylarynyň Şeýh Jerrahdaky meýdança girmeklerini dürreler ulanyp päsgel beren bolsa, metbugat işgärlerini we öýlerinden zor bilen çykarylmak howpuna sezewar galan palestinalylara goldaw bermek üçin ol ýere baran adamlary bolsa aşa güýç ulanyp sebitden uzaklaşdyrdy. 

Ysraýylyň polisiýa işgärleri mundan başgada Şeýh Jerrah etrapçasynda öýleriň biriniň gapysyny döwüp içeri girip ol ýerde ýaşaýan adamlara hüjüm etdi.  

Ysraýylly bikanun ýaşaýjylar, şenbe güni basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasynyň ýaşaýjylaryna we raýdaşlyk üçin gelen palestinalylara gözüňi ýaşardýan gaz ulanypdylar. 

Oraza aýynyň başlan güni bolan 13-nji aprelden bäri Aksa metjidinde we töweregi bilen Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasynda Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň hüjümleri sebäpli dartgynlyklar başdan geçirilýär. 



Degişli Habarlar