Siriýanyň Hökümeti Asuda Ilata Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Hüjümde 10 adamyň ýogalandygy habar berildi

1661981
Siriýanyň Hökümeti Asuda Ilata Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Siriýanyň hökümeti we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň Idlibde dartgynlygy azaldyş zolagynyň çäklerinde ýerleşýän Bara we İhsim obalaryna guran hüjüminde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Siriýanyň raýat goranyş toparynyň Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden jogapkär ýolbaşçysy Hasan al-Ahmet, hökümete degişli güýçleriň Idlibiň günortasynda ýerleşýän Bara we İhsim obarlaaryna gury ýerden gury ýere atylýan ýaraglar bilen hüjüm gurandygyny beýan etdi.

Ahmet, hüjümde Barada 2, İhsimde 5 raýatyň aradan çykandygyny aýtdy.

Ýaralanan 10 adam golaýdaky hassahanalara ýerleşdirildi.

Asada tabynlykdaky harby güýçler ertiriň irki sagatlarynda Idlibiň günortasyndaky İhsim, Maşşun, Mastuma, Sfohin, Filifil, Kansafra we Balýun obalaryna artilleriýa hüjümini gurady.



Degişli Habarlar