Germaniýa ÝB Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Migrasiýa Hakyndaky Ylalaşygyň Seljerilmegini Isleýär

Germaniýanyň Daşary işler minbistri Heiko Maas ÝB bilen Türkiýäniň arasynda bar bola Migrasiýa hakyndaky ylalaşygyň şertlere görä seljerilmegini talap etdi.

1661970
Germaniýa ÝB Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Migrasiýa Hakyndaky Ylalaşygyň Seljerilmegini Isleýär

Maas “Welt” gazetine beren interwýusynda Türkiýe bilen migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň bar bolan şertlere görä özgerdilmelidigini beýan edip; “Türk hökümeti bilen bolan ähli kynçylyklara garamazdan, şol ýurduň agyr immigrant ýüküni biziň üçin öz üstüne alandygy kabul edilmeli” diýdi.

Türkiýede 4 milliona barabar siriýalynyň we sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlardan gelen bosgunlaryň ýaşaýandygyna ünsi çeken Maas; “ÝB-niň hem, biziň Türkiýe bilen gol çekişen migrasiýa hakyndaky ylalaşygymyzyň şertlere görä seljerilmegi we giňeldilmegi bilen ýakyn gyzyklanýandygyna ynanýaryn” diýdi.

Maas täze ylalaşyk gazanylan halatynda ÝB-niň Türkiýä maliýe goldawyny bermegi bilen bagly soraga: “Haýsydyr bir mukdar beýan etmek islemeýärin, emma onuň serişdesiz bolmajakdygy äşgär” diýip, jogap berdi.

Türkiýäniň uly çykdajylar edýändigini we başgalarynyň ondan tygşytlylyk edýandigini nygtan Maas, onuň millionlarça adamy seretmek bilen bagly meseledigini beýan etdi.

 

 



Degişli Habarlar