Russiýada türgenleri alyp barýan uçar heläkçilige uçrady

Russiýanyň Sibir sebitindäki Kemerowa şäherinde türgenleri alyp barýan uçaryň gonýan mahaly heläkçilige uçramagy netijesinde 4 adam ýogaldy

1661439
Russiýada türgenleri alyp barýan uçar heläkçilige uçrady

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannama görä, ýurduň Kemerowa şäherinde paraşýutçylary alyp barýan “L-410” kysymly uçaryň dwigatelleriniň birinde uçanyndan gysga wagt soň näsazlyk emele geldi. 

Uçar ekipažyň Tanaý howa menziline yzyna dolanyp, gonuş meýdançasyna gonjak mahaly çep tarapyndaky ganadynyň üstüne düşüp heläkçilige uçrady. 

Kemerowo gubernatorlygyndan berilen beýanatda, düzüminde 19 adam bolan uçarda, heläkçiligiň netijesinde 2 uçarman bilen birlikde jemi 4 adamyň ýogalandygy, 4-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 15 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Uçaryň Russiýanyň Goşunyndan, harby-howa güýçlerinden we harby-deňiz güýçlerinden Meýletin ýardam toparyna degişlidigi bellenip, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 

Ozal berilen beýanatda wakada 9 adamyň ýogalandygy aýan edilipdi. 

 



Degişli Habarlar