Russiýa Waşingtondaky ilçisini ABŞ-na yzyna ugratdy

Putin we Baýden 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiren maslahatynda, ilçileriň wezipelerine gaýdyp barmaklary bilen bagly karar kabul edipdiler

1661490
Russiýa Waşingtondaky ilçisini ABŞ-na yzyna ugratdy

Russiýa geňeşmeler üçin yzyna çagyran Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonowy, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda geçen duşuşygyň netijesi boýunça kabul edilen karara laýyklykda yzyna Waşingtona ugratdy. 

Russiýanyň RIA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Russiýanyň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonow ABŞ-na gitmek üçin Moskwa şäherindäki Şeremetýewo howa menzilinden uçar bilen ýola çykdy. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 17-nji martda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putini ganhor hökmünde häsýetlendiripdi we Russiýanyň ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulandygy sebäpli jogap berjekdigini belläpdi. Şol sebäpli Russiýanyň Daşary işler ministrligi Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonowy ABŞ bilen gatnaşyklaryň nähili boljakdygy babatynda geňeşmeler geçirmek maksady bilen Moskwa yzyna çagyrypdy. 

Kreml şeýle hem ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Salliwany ýurduna gitmegini isläpdi. Salliwan hem 22-nji aprelde geňeşmeler geçirmek maksady bilen Waşingtona gaýdypdy. 

Putin we Baýden 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiren maslahatynda, ilçileriň wezipelerine gaýdyp barmaklary bilen bagly karar kabul edipdiler. 



Degişli Habarlar