Owganystanyň demirgazygyndaky ýene-de 2 etrap Talibanyň gözegçiligine geçdi

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh we Samangan welaýatlarynda ýene-de 2 etrap Talibanyň gözegçiligi astyna geçdi

1661528
Owganystanyň demirgazygyndaky ýene-de 2 etrap Talibanyň gözegçiligine geçdi

Balhyň welaýat Şurasynyň başlygy Muhammed Afzal Hadid, Talibanly başbozarlaryň Balh welaýatynyň Çarbulak etrabyna hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümleriň netijesinde etrabyň merkeziniň şu gün irden Talibanyň gözegçiligine geçendigini aýdan Hadid, howpsuzlyk güýçleriniň etrabyň merkezinden yzyna çekilendigini aýan etdi. 

Samangan welaýat Şurasynyň başlygynyň orunbasary Haşim Serweri hem Talibanly başbozarlaryň Derei Suf Bala etrabyna ýaragly hüjümler gurandygyny we hüjümleriň netijesinde etrabyň merkezini öz gözegçiligi astyna alandyklaryny habar berdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa Çarbulak we Derei Suf Bala etraplarynyň ähli döwlet binalarynyň gözegçiligini ellerine geçirendiklerini we etrabyň merkezindäki howpsuzlyk güýçleriniň özlerine boýun bolandyklaryny öňe sürdi.



Degişli Habarlar