Geçen Ýyl Dünýäde 82 Million Adam Bosgunlyga Sezewar Edildi

Bosgunlaryň esasy bölegi 5 ýurtdan gaçanlardan ybarat

1661102
Geçen Ýyl Dünýäde 82 Million Adam Bosgunlyga Sezewar Edildi

BMG-niň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komissarlygynyň “Global Trendler 2020” habarnamasyna görä koronawirus pandemiýasyna garamazdan 2020-nji ýylda söweşlerden, çaknyşyklardan we zulumdan gaçan adamlaryň sany 82 milliondan geçdi.

Bosgunlaryň şertlerini halkara jemgyýetçiligine has gowy düşündirmek üçin 2001-nji ýylyň 20-nji iýuny “Bosgunlaryň bütindünýä güni” diýip yglan edilipdi.

BMG-niň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komissary Filippo Grandi 16-njy aprelde İtaliýanyň paýtagty Rimde geçiren maslahatynda “Balkan ugry” atlandyrylýan bikanun immigrasiýa ugrunda bosgunlaryň duçar bolýan agyr şertlerine ünsi çekip: “Gresiýa, Kipriň grek bölegi, Horwatiýa ýaly ýurtlar tarapyndan edilýän rehimsiz we fiziki basyşa esaslanýan yza serpikdirme kabul edilmesiz. Ona alada bildirýäris. Bu barasynda degişli ýurtlara we ÝB Komissiýasyny hem habar berdim” diýdi.

Habarnama görä koronawirus pandemiýasyna garamazdan 2020-nji ýylda söweşlerden, çaknyşyklardan we zulumdan gaçan adamlaryň sany 82,4 milliona ýetdi.

Ýurtlaryndan gaçan ähli adamlaryň 2/3 böleginden gowragy Siriýadan, Wenesueladan, Owganystandan, Günorta Sudandan we Mýanmadan gelýär.

BMG-niň Bosgunlar Komissarlygynyň habarnamasyna görä Türkiýe 3,7 million bosgun bilen soňky 7 ýyldan bäri dünýä derejesinde iň köp bosguna ýer berdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #5 ýurt , #82 million , #BMG , #Bosgunlar

Degişli Habarlar