Nigeriýada Mekdebe Ýaragly Hüjüm Guraldy

Hüjümde 80-den gowrak okuwçy bilen 5 mugallym zamun alyndy.

1660661
Nigeriýada Mekdebe Ýaragly Hüjüm Guraldy

Nigeriýanyň Kebbi welaýatynda gyzlaryň bilim alýan mekdebine guralan ýaragly hüjümde 1 polis gullukçysy öldürildi, 80-den gowrak okuwçy bilen 5 mugallym zamun alyndy.

Motosikletli ýaragly toparyň mekdebe guran hüjüminde 1 okuwçy hem ýaralandy.

Zamun alynan gyzlaryň hossarlary, mekdebiň golaýyndaky tokaýlyk meýdanda gözleg işlerine başlady.

Ýurtda soňky döwürde ýaragly adamlaryň motosikled bilen hüjüm guraýandyklary sebäpli käbir ýerlerde motosiklediň ulanylmagy gadagan edildi.

Ýurtda soňky gezek 30-njy maýda ýaragly adamlar medresä hüjüm gurap 136 okuwçyny zamun alypdy.



Degişli Habarlar