Eýranyň Halky Täze Prezidentini Saýlaýar

Saýlawyň netijeleriniň ertir belli bolmagyna garaşylýar.

1660479
Eýranyň Halky Täze Prezidentini Saýlaýar

Eýranda halk täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär.

Eýranyň içeri işler ministrliginiň saýlaw merkeziniň görkezijilerine görä, 83 million ilaty bolan ýurtda bellige alynan 59 million 310 müň 307 saýlawçy ses berer.

Saýlawyň netijeleriniň ertir belli bolmagyna garaşylýar.

Prezident saýlawynda 7 dalaşgär bäsleşýär.

Eýranda prezident 4 ýyl möhlet bilen saýlanýar we şol bir adam yzyly yzyna iki gezek prezidentlige saýlanyp bilýär.

Prezident Hasan Ruhany hem şol sebäpli saýlawda dalaşgär bolmady.

Dalaşgärler birinji tapgyrda saýlanmak üçin 50+1 göterim ses almaly.



Degişli Habarlar