Jo Baýden we Wladimir Putin şu gün Ženewa şäherinde duşuşyk geçirerler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, şu gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde özara duşuşyk geçirerler

1659146
Jo Baýden we Wladimir Putin şu gün Ženewa şäherinde duşuşyk geçirerler

Maslahat 1985-nji ýyldan soň şäherde geçiriljek 2-nji ýokary derejeli ABŞ-Russiýa maslahaty bolar. 

Ženewa şäherinde 1985-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Ronald Reýgan bilen SSSR-yň ozalky Döwlet baştutany Mihail Gorbaçýowyň arasynda taryhy duşuşykdan 36 ýyl soň ABŞ-Russiýa ýokary derejeli duşuşygy geçiriler. 

Maslahat sebäpli şäherde gündelik durmuş durmak nokadyna geldi. Maslahatyň geçiriljek sebit bilen ABŞ we rus wekiliýetleriniň galjak myhmanhanalara barýan ýollar ulaglara ýapyldy. 

Maslahat bilen bagly resmi meýilnama aýan edilmedi. Iki lideriň duşuşygy Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:00-da başlar we takmynan 4 sagat dowam eder. 

Duşuşykdan soň Putiniň Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:30-da, Baýdeniň bolsa 20:00-da aýry-aýry metbugat ýygnagyny geçirmeklerine garaşylýar.



Degişli Habarlar