“NATO Agza Ýurtlaryň Hyzmatdaşlygy Hemişekisinden Has Güýçli”

Baýden, “Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyny” we “Hytaýyň döredýän strategik kynçylyklaryny” ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan etdi.

1658105
“NATO Agza Ýurtlaryň Hyzmatdaşlygy Hemişekisinden Has Güýçli”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen NATO-nyň liderler maslahaty hakynda “Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyny” we “Hytaýyň döredýän strategik kynçylyklaryny” ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan etdi.

Baýden, Twitterden beren habarnamasynda “NATO agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy hemişekisinden has güýçli” diýdi.

Baýden habarnamasynda “Şu gün Russiýanyň hüjüm ediji syýasaty, Hytaýyň döredýän strategik kynçylyklary, erbet niýetli kiber hüjümler, terror we howa çalşygy ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin 29 ýaranymyz bilen duşuşdym” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Jo Baýden , #ABŞ

Degişli Habarlar