Eýran COCIRAN Bereketiň Adatdan Daşary Şertlerde Ulanylmagyna Rugsat Berdi

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri Said Nemeki koronawirusa garşy öndürilen ýerli “COVIRAN Bereket” üçin adatdan daşary şertlerde ulanma rugsadynyň berilendigini beýan etdi.

1657663
Eýran COCIRAN Bereketiň Adatdan Daşary Şertlerde Ulanylmagyna Rugsat Berdi

Merkezi welaýatynyň Erak şäherindäki saglyk taslamalarynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Nemeki, ýerli sanjym işleri boýunça beýannama berdi.

Ýerli sanjymlardan “COVIRAN Bereket” üçin adatdan daşary şertlerde ulanma rugsadynyň berilendigini aýdan Nemeki, beýleki bir ýerli sanjym bolan “Pastora” geljek hepde, “Razi Cov Pars” we “Fahra” sanjymlaryna hem ýakyn gelejekde rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Eýran “COVIRAN Bereket” sanjymyny 29-njy dekabrda adamlarda synagdan geçirip, üstünlikli netije alandygyny beýan edipdi. Ylmy geňeşiniň başlygy Muhammed Muhbirinin gyzy Taýýibe Muhbir sanjym etdiren ilkinji meýletindi.

Ýurduň ikinji ýerli sanjymy “Razi Co Parsyň” adamlardaky synagy 28-nji fewralda edilidip, ilkinji sanjymlama 133 meýletini edilipdi.



Degişli Habarlar