Ysraýylda 12 Ýyllyk Binýamin Netanýahu Döwri Geçdi

Ysraýylyň täze premýer ministri Naftali Bennett bilen şäriklik hökümetiniň ministrligi Mejlisde ýeke-ýekeden kasam etdi.

1657274
Ysraýylda 12 Ýyllyk Binýamin Netanýahu Döwri Geçdi

Ysraýylda Gelejek bar we Ýamina partiýalarynyň öňbaşçylygynda gurlan şäriklik hökümetiniň ynam sesini almagy bilen 12 ýyldan bäri dowam edýän Premýer ministr Binýamin Netanýahu döwri gutardy.

Sese goýulşykda 120 kürsüli Mejlisde 60 halk deputatynyň sesi bilen şäriklik hökümeti ynam sesini aldy.

Naftali Bennett we Ýais Lapid şärikliginiň ynam sesini almagy bilen 2009-njy ýyldan bäri premýer ministr wezipesini ýerine ýetirýän Netanýahu döwri geçdi.

Sese goýulşykdan soň Netanýahu, Mejlisde hökümete degişli kürsüden oppozisionere degişli kürä geçdi.

Ysraýylyň täze premýer ministri Naftali Bennett bilen şäriklik hökümetiniň ministrligi Mejlisde ýeke-ýekeden kasam etdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň täze premýer ministri Bennette telefon edip täze wezipesini bilen gutlady.

Ak Tamdan berlen beýannama görä, Baýden, ABŞ bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklara we Ysraýylyň howpsyzlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar