NATO-nyň Liderler Maslahaty Öz Işine Başlady

Maslahata Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde 30 ýurduň lideri gatnaşýar.

1657735
NATO-nyň Liderler Maslahaty Öz Işine Başlady

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty Belgiýanyň paýtagty Brýusselde öz işine başlady.

Maslahata Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde 30 ýurduň lideri gatnaşýar.

Maslahatyň gün tertibinde NATO-nyň 10 ýyllyk iş meýilnamasynyň taýarlanmagy, Hytaýyň täsiriniň güýçlenmegi, Russiýa bilen guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy we Ukraina, kiber howpsyzlyk, terrora garşy göreş, klimat çalşygy we Owganystan ýaly meseleler esasy orun eýeleýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden prezidentlige saýlanmagyndan soň ilkinji gezek NATO-nyň maslahatyna gatnaşýar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg maslahatda kabul edilen kararlar hakynda metbugata beýannama berer.


Etiketkalar: #Brýussel , #maslahat , #NATO

Degişli Habarlar