Halkara Bagdat howa menziline hüjüm guraldy

Yragyň paýtagty Bagdat şäherindäki Halkara Bagdat howa menziline 3 aýry uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy

1655258
Halkara Bagdat howa menziline hüjüm guraldy

Yragyň hökümetine degişli Howpsuzlyk Media tory tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Halkara Bagdat howa menziliniň 3 aýry uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüme sezewar galandygy mälim edildi.

Yragyň halkynyň asudalygyny bozmaga synanyşýanlaryň jezalandyryljakdygy bellenen beýanatda, guralan soňky hüjümde ýitginiň çekilip-çekilmändigi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi. 

Halkara Bagdat howa menzilinde amerikan esgerlerine degişli harby baza bar. 

Yragyň Salahaddin welaýatyndaky Beled harby bazasyna hem 3 aýry raketa bilen hüjüm guralandygy, hüjümde hiç hili zyýanyň çekilmändigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #Bagdat , #howa menzili , #Yrak

Degişli Habarlar