Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Tunise 600 Müň Doza Kovid-19 Sanjymyny Berdi

"Tunisiň ykdysady taýdan galkynyşy üçin sanjymlama etaby diýseň möhüm"

1655058
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Tunise 600 Müň Doza Kovid-19 Sanjymyny Berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymlaryň elýeterliligi üçin döredilen COVAX-yň çäginde Tunise 600 müň doza sanjym kömegini berdi.

Tunis tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Premýer ministr Hişam Al Meşişi Ženewada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Ghebreýesus bilen duşuşdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary duşuşykda, Tunisiň hökümetiniň talabyna laýyklykda iýun we iýul aýlaryna 100 müň dozalyk Kovid-19 sanjymynyň Tunise ugradyljakdygyny aýtdy.

Baş sekretar Ghebreýesus COVAX-yň çäginde 250 müň dozanyň sentýabr aýyna, galan 250 müň dozanyň bolsa üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Tunise ugradyljakdygyny belledi.

Premýer ministr Meşişi hem COVAX meýilnamasyna goşulan ilkinji ýurtlardan biri bolan Tunisiň ykdysady taýdan galkynyşy üçin sanjymlama etabynyň diýseň möhümdigini nygtady.



Degişli Habarlar