Albaniýanyň Mejlisi Prezidentiň Wezipesinden Boşadylmagy Hakyndaky Talaby Tassyklady

Albaniýanyň Mejlisi Prezident İlir Metanyň konstitutsiýanyň düzgünlerini bozandygy sebäpli wezipeden boşadylmagy hakyndaky talaby tassyklady.

1655356
Albaniýanyň Mejlisi Prezidentiň Wezipesinden Boşadylmagy Hakyndaky Talaby Tassyklady

Mejlisde geçirilen sese goýulşykda 104 halk deputaty Metanyň wezipeden boşadylmagy üçin ses beren bolsa, 7 halk deputaty garşy ses berdi. 3 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

Sese goýulşykdan ozal Mejlisiň Derňew komissiýasynyň Meta hakynda taýarlan habarnamasynda “Prezident Metanyň konstitutsiýanyň kadalaryny düýpli bozandygy” beýan edilýär.

Mejlisde çykyş eden Premýer-ministr Edi Rama, Metanyň missiýasyna hyýanat edendigini nygtap: “Meta, konstitutsiýany kemsitdi. Albaniýa mundan beýläk Metany goldamaz” diýdi.

Mejlisde kabul edilen kararyň Konstitutsion kazyýetiň garamagyna hödürlenjekdigi we Metanyn wezipeden boşadylmagy hakyndaky soňky kararyň 3 aýyň dowamyda kabul ediljekdigi habar berildi.

Meta wezipeden boşadylan halatynda Prezidentiň wezipesini Albaniýanyň Mejlisiniň Başlygy Gramoz Ruçi ýerine ýetirer.

Alnaniýanyň Sosialistik partiýasy Metanyň 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçirilen parlament saýlawlaryndan ozal we saýlaw kampaniýasynyň dowamynda konstitutsiýa garşy hereket edendigi sebäpli Mejlise ýüz tutupdy.



Degişli Habarlar