Brtaniýanyň Daşary Işler Ministri Saud Arabystanynda Saparda Boldy

Muhammed Bin Salman bilen Raab, Saud Arabystany bilen Britaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

1653558
Brtaniýanyň Daşary Işler Ministri Saud Arabystanynda Saparda Boldy

 

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA-nyň berýän habaryna görä, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman, Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Neom şäherinde duşuşdy.

Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar, sebitiň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşan Muhammed Bin Salman bilen Raab, Saud Arabystany bilen Britaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşyga Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan hem gatnaşdy.

Birtaniýa Breksitden soň Pars aýlag ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär.



Degişli Habarlar