Hindistan Rus “Sputnik V” Sanjymyny Öndürer

65-den gowrak ýurt “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady

1652998
Hindistan Rus “Sputnik V” Sanjymyny Öndürer

 

Hindistanda, Russiýanyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren “Sputnik V” sanjymynyň öndürilmegine rugsat berildi.

India Todeýiň berýän habaryna görä, Hindistanyň Derman senagaty gullugy, Hindistanyň Serum institutynyň “Sputnik V” sanjymyny öndürmegine rugsat berdi.

Habarda önümçilik etabynyň 6 aý dowam edip biljekdigi nygtaldy.

Hindistadan koronawirusa ýoluganlaryň sany günde 100 müň adamdan geçýär we kararyň sanjymyň ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy maksady bilen kabul edilendigi nygtalýar.

Hindistan 12-nji aprelde “Sputnik V” sanjynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyny tassyklapdy. 14-nji maýda bolsa ýurtda “Sputnik V” sanjymy edilmäge başlanypdy.

65-den gowrak ýurt Russiýanyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny tassyklady.

ÝB we ABŞ bolsa heniz sanjymy tassyklamady.



Degişli Habarlar