Eýranyň Ýadro Ylalaşygy Boýunça Gepleşikler Wenada Başlar

Eýranyň ýadro ylalaşygy boýunça taraplar geljek hepde Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde duşuşarlar

1650912
Eýranyň Ýadro Ylalaşygy Boýunça Gepleşikler Wenada Başlar

Wenada iki aýdan bäri dowam edýän Eýrnyň ýadro ylalaşygynyň doly iş ýüzüne geçirilmegi we ABŞ-nyň ylalaşyga gaýtadan goşulmagy boýunça pikir alyşylýan gepleşiklerde ahyrky netijä gelmek üçin taraplaryň ýene-de bir gezek duşuşjakdygy habar berildi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlyk syýasatlaryndan jogapkär Ýokary wekiliniň adyndan ÝB-niň Daşarky gatnaşyklar gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary Enrike Moranyň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçiren Bilelikdäki giňeldilen iş meýilnamasynyň maslahatyna Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Eýranyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Mora maslahatdan soň 5-nji gezek duşuşan taraplaryň ylalaşygyň birkemsiz iş ýüzüne geçirilmegi we ABŞ-nyň ylalaşyga gaýtadan goşulmagy üçin taýarlyklaryny dowam etdirýändigini beýan etdi.

Mora şu maslahatyň karar üçinn soňky maslahat bolmagyny umyt edýändigini, emma geljek hepde 6-njy tapgyr üçin taraplaryň ýene-de bir gezek Wenada duşuşjakdygyny aýtdy.

Tehniki meseleleriň hany bilen syýasy kararyň kabul edilmegi üçin tagalla edilýändigini, şol sebäpli wekilleriň ýurtlaryna dolanyp, ýetilen sepgit hakynda ýolbaşçylaryna maglumat berjekdigini aýdan Mora, geljek hepde geçiriljek maslahatda täze çemeleşmeler bilen gepleşikleriň tamamlanjakdygyny umyt edýandigini aýtdy.



Degişli Habarlar