Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi

Nigeriýanyň Kaduna ştatynda 20-nji aprelde ýaragly adamlaryň uniwersitetleriň birinden zamun alan 14 talyp azat edildi

1648194
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi

Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işler komissary Samuel Aruwan beren beýanatynda, ştatdaky Green Field hususy uniwersitetinden ýaragly adamlar tarapyndan zamun alynan 14 talybyň azat edilendigini habar berdi. 

Aruwan, nähili ýagdaýda azat edilendikleri barada maglumat bermedi, diňe talyplaryň maşgalalaryna gaýdyp barandyklaryny mälim etdi. 

Ýaragly adamlar 20-nji aprelde Kaduna ştatynyň Green Field hususy uniwersitetine garşy guran hüjüminde 19 talyby zamun alypdylar. Şol talyplaryň 5-si 23-nji aprelde uniwersitediň golaýynda öli ýagdaýda tapylypdy. 

Ýaragly adamlar talyplaryň azat edilmegi üçin paç isläpdi. 

Kaduna ştatynyň gubernatory Nasir Ahmad al-Rufai talyplaryň azat edilmekleri üçin paç töläp bilmejekdiklerini habar beripdi. 



Degişli Habarlar