Russiýa bolgariýaly diplomady islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Bolgariýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän bir diplomadyň islenmeýän adam yglan edilendigini mälim etdi

1646110
Russiýa bolgariýaly diplomady islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Bolgariýanyň geçen aý bir rus diplomady islenmeýän adam yglan edendigi ýatladyldy. 

Bolgariýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Atanas Krystiniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy bellenen beýanatda: "Ilçä Bolgariýanyň Moskwa şäherindäki işleýän bir diplomadyň islenmeýän adam yglan edilendigi barada nota berildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda munyň Bolgariýa tarapynyň esassyz kararyna garşy edilen bir ädimdigi aýan edildi. 

Bolgariýanyň Respublikan Baş prokurory Iwan Geşew, 28-nji aprelde ýurtda soňky 10 ýylda biri-birinden tapawutly ok-däri ammarlarynda bolan 4 aýry partlamanyň Russiýa harby razwedka gullygynyň ofiserleri tarapyndan gurnalandygyny beýan edipdi. 

Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi hem 29-njy aprelde Russiýanyň Sofiýa şäherindäki ilçihanasynda işleýän bir diplomadyň islenmeýän adam yglan edilendigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar