Belarussiýada göz tussaglygyna alynan oppozisioner žurnalist Protasewiç ilkinji gezek beýanat berdi

Afiny-Wilnýus gatnawyny amala aşyrýan ýolagçy uçaryndan çykarylyp göz tussaglygyna alynan Protasewiçiň ilkinji beýanaty Belarussiýanyň telewideniýesinde görkezildi

1645498
Belarussiýada göz tussaglygyna alynan oppozisioner žurnalist Protasewiç ilkinji gezek beýanat berdi

Belarussiýada bomba bardygy öňe sürülip Minsk howa menziline gyssagly ýagdaýda gondurylan ýolagçy uçarda göz tussaglygyna alynan oppozisioner žurnalist Roman Protasewiçiň howpsuzlyk güýçlerine beren ilkinji beýanaty metbugatda görkezildi. 

Afiny-Wilnýus gatnawyny amala aşyrýan ýolagçy uçaryndan çykarylyp göz tussaglygyna alynan Protasewiçiň ilkinji beýanaty Belarussiýanyň telewideniýesinde görkezildi. 

Minsk howa menzilinde Belarussiýanyň Içeri işler ministrligine degişli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan göz tussaglygyna alynandygyny aýdan Protasewiç, Minsk şäherindäki 1-nji tussaghanada saklanýandygyny mälim etdi. 

Ýüregi we beýleki organlary bilen birlikde saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdan Protasewiç: "Howpsuzlyk güýçleriniň maňa bolan çemeleşmeleri örän mylakatly we kanunalaýyk. Häzirki wagtda howpsuzlyk güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýärin we Minskde köpçülikleýin protestleri gurnamak bilen bagly beýanat berýärin" diýip habar berdi. 

23-nji maýda Afiny şäherinden Wilnýus şäherine uçar saparyny amala aşyrýan, düzüminde bolsa 123 ýolagçy bolan Ryanair howaýollary kärhanasyna degişli uçar, Belarussiýanyň howa giňişliginde bolan mahaly içinde bomba bardygy öňe sürülip adatdan daşary ýagdaýda Minsk howa menziline gondurylypdy. 

Howpsuzlyk sebäpli Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň buýrugyna laýyklykda uçara ýoldaşlyk etmek maksady bilen 1 sany Mig-29 kysymly uçar uçurylypdy. 

Uçaryň howa menzilinde gözegçilik edilen mahaly Belarussiýada terrorçylykly wakalara goşulandygy sebäpli gözlenýän sosial media hasabynyň esaslandyryjysy we ozalky baş redaktor Belarussiýaly Roman Protasewiç göz tussaglygyna alynypdy, geçirilen barlaglaryň netijesinde bombanyň bardygy baradaky maglumatyň hem esassyzdygy mälim bolupdy. 



Degişli Habarlar