Hytaýda geçirilen marafonda 21 adam ýogaldy

Hytaýda geçirilen marafon uly betbagtçylyk bilen netijelendi

1644086
Hytaýda geçirilen marafonda 21 adam ýogaldy

100 kilometrlik ýoly we daglyk tapgyry hem öz düzüminde jemleýän ýaryşda, ýaramaz howa şertleri sebäpli 21 adam ýogaldy. 

Hytaýyň Gansu welaýatynda şenbe güni irden başlan marafonda, 172 türgen ýaryş üçin ylgamaga başlady. 

Emma 100 kilometrlik marafonyň daglyk tapgyrynda howa şertleri gysga wagtyň içinde erbetleşdi, howa erbet ýagdaýda sowady we ýagyş ýagmaga başlady, türgenler daglyk sebitde kyn ýagdaýda galdylar. 

Howanyň erbetleşmeginden soň halas ediş operasiýasy başladyldy. 

Gije boýunça dowam eden gözleg we halas ediş işlerinde 172 türgeniň 151-i halas edildi, 21 türgen bolsa ýogaldy. 



Degişli Habarlar