Russiýa, Ysraýyl-Palestina Gepleşiklerine Ýer Eýeçiligini Etmegi Teklip Etdi

Werşinin asuda ilatyň çekýän ýitgisini ýazgardy we hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini nygtady

1640447
Russiýa, Ysraýyl-Palestina Gepleşiklerine Ýer Eýeçiligini Etmegi Teklip Etdi

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin, ýurdunyň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gepleşiklere ýer eýeçiligini edip biljekdigini nygtady.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky dartgynlygy we Ysraýylyň Gaza guraýan howa hüjümlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 3-nji gezek jemlenişdi.

Werşinin maslahatda eden çykyşynda Palestinadaky we Ysraýyldaky asuda ilatyň çekýän ýitgisini ýazgardy we hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini nygtady.

Ysraýyl bilen Palestinanyň  arasynda gönüden gepleşikleriň geçirilmezliginiň dartgynlyga sebäp bolandygyna ünsi çeken Werşinin ýurdunyň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gepleşiklere ýer eýeçiligini edip biljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar