Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 174 adama ýetdi

Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerinde şehit bolýanlaryň sany artmaga dowam edýär

1640143
Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 174 adama ýetdi

Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerinde şehit bolýanlaryň sany artmaga dowam edýär

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi: "10-njy maýdan bäri Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 47-si çaga, 29-y zenan jemi 174 palestinaly şehit boldy, 1115 adam bolsa ýaralandy" diýip habar berdi. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Aşref al-Kudra wideoşekilli beren beýanatynda, halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümlerini duruzmak üçin işe girişmek we anyk ädimler etmek barada çagyryş berdi. 

Ysraýylyň Gazada Zähmet we sosial galkynyş ministrligine degişli iki binany bombalady. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby güýçleri deňizden Gaza şäherine hüjümler gurady. 

Ysraýylyň harby uçarlary hem Gazanyň Müsür serhedindäki 2 howpsuzlyk merkezini bombalady. 

Ysraýylyň harby uçarlary, düýn gije Gazanyň biri-birinden tapawutly ýerlerine howa hüjümlerini gurady. 

Gazanyň günbataryndaky Ar-Rimal etrapçasyna guralan howa hüjüminde köp sanda öýe zyýan ýetdi. 

Gazadaky Şypa hassahanasynyň müdüri Muhammed Abu Silmiýýe, hüjümlerde ýogalan 2 palestinaly bilen ýaralanan 22 adamyň hassahana getirilendigini mälim etdi. 

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, raýat goranyş toparlaryň ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 5 çagany halas etmegi başarandyklary aýan edildi. 


Etiketkalar: #Gaza , #hüjüm , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar