Kanadanyň ençeme şäherinde Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri protest edildi

Toronto şäheriniň häkimliginiň öňündäki Nathan Filips meýdançasynda ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlan proteste, on müňden gowrak adam gatnaşdy

1640095
Kanadanyň ençeme şäherinde Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri protest edildi

Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimdäki we Gazadaky hüjümlerine garşy, Palestinanyň taryhynyň möhüm öwrülişik nokady bolan Nakbanyň 73-nji ýyly bolan 15-nji maýda Kanadanyň ençeme şäherinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda protestler geçirildi. 

Toronto şäheriniň häkimliginiň öňündäki Nathan Filips meýdançasynda ýerli wagt bilen sagat 19:00-da başlan proteste, on müňden gowrak adam gatnaşdy. 

Protestden ozal edilen çykyşlarda, munyň jöhitlere garşy däl, eýsem anti-sionist bir aksiýadygy mälim edildi. 

Protestlerde "Azat Palestina", "Şeýh Jerrahy halas ediň" we "Palestina, Iýerusalim we Gaza azat bolar" ýaly ýazgyly şygarlar açyldy. 

Toronto şäheriniň polisiýa gullugynyň giň gerimli howpsuzlyk çäreleriniň görülen we Kanadanyň halkynyň hem goldaw beren protestler, ýerli wagt bilen sagat 21:00-da hiç hili hadysasyz tamam boldy. 



Degişli Habarlar